Dermanhananyň iş tertibi 8:00-23:00(dynç günsiz)
Eltip berme hyzmaty: 09:00-21:00 (dynç günsiz)
  • 1
Item 1 of 2

Halkara hyzmatdaşlyk

“Ýowşan” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň çäginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy hödürleýär

  • Lomaý söwda

    Derman söwda ulgamynda lomaý söwda (Türkmenistanyň hususy dermanhanalary). Tender we tenderden daşarky üpjünçilik (Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana müdirliginiň tabşyrygy boýunça).

  • Bölek söwda (Hususy dermanhanamyz arkaly)

    Derman serişdeleri. Gigiýena serişdeleri we näsaga ideg etmek üçin niýetlenen serişdeler. Kosmetiki serişdeler. Täze doglan çagalara ideg etmek üçin serişdeler we çaga iýmitlendirýän eneler üçin harytlar

  • Marketing hyzmatlary

    Bazary we ulanyjy islegi seljermek. Bazarda harydy öňe sürmek we mahabat işini alyp barmak. Marketing aksiýalary taýýarlamak we ýola goýmak. Prezentasiýalary we tegelek stollary geçirmek. Lukmanlar we farm.hünärmenleri bilen işlemek.

  • Wekilçilik hyzmatlary

    Daşary ýurt kompaniýalaryň Türkmenistanda wekilçilik gyzyklanmalaryny ýöretmek. Hasaba alyş meselelerinde ýardam bermek. Çäreleri, duşuşyklary, aksiýalary gurnamak we geçirmek.

  • Hasaba alyş bilen baglanyşykly işleri alyp barmak

    Resminamalaryň toplumyny, nusgalary taýýarlamak we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlarynyň hiline gözegçilik we hasaba alyş merkezine tabşyrmak. Täzeden hasaba almak we üýtgetmeleri/goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly işleri alyp barmak. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlarynyň hiline gözegçilik we hasaba alyş merkezinde kompaniýalaryň wekilçiligini alyp barmak.

BIZIŇ HYZMATDAŞLARYMYZ

Biziň ýerli we halkara hyzmatdaşlarymyz}

Item 1 of 9